Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda kafede partlama bolup, azyndan 7 adam öldi, 20-den gowragy ýaralandy

Ýaşaýyş jaýyna birikdirilen kafede bolan partlamanyň netijeleri. SURAT: Akmola welaýatynyň adatdan daşary ýagdaýlar bölümi
Ýaşaýyş jaýyna birikdirilen kafede bolan partlamanyň netijeleri. SURAT: Akmola welaýatynyň adatdan daşary ýagdaýlar bölümi

27-nji fewral gijesi Gazagystanyň demirgazygyndaky Akmola welaýatynyň Şuçinsk şäherinde bäş gatly binanyň ýanyndaky kafede partlama boldy. Ýedi adamyň ölendigi we 20-den gowrak adamyň ýaralanandygy 27-nji fewralda irden habar berildi.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, bir gatly kafede "gaz-howa garyndysynyň partlamasyndan soň ýangyn boldy".

"Ýangyn söndürijiler ýanýan binadan sekiz gaz ballonyny çykaryp, 10-dan gowrak adamy halas etdiler. Ilkinji maglumatlara görä, wakada takmynan 20 adam ýaralandy, şol sanda alty adam öldi. Ýangyn doly öçürildi" diýip, Akmola welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň beýanatynda aýdylýar.

Media habarlarynda ýedi pidanyň arasynda 16 ýaşly gyzyň hem bardygy aýdylýar.

"Şuçinsk hassahanasyna dürli agyrlykdaky ýanyklar bilen 13 hassa ýerleşdirildi. Olaryň altysy Kokşetau şäherindäki sebitleýin köpugurly hassahana geçirilmegine taýýarlanýar. Gyssagly kömek bermek üçin sebit merkezinden goşmaça hünärmenler, şol sanda anesteziologlardan we reanimatologlardan ybarat üç topar geldi. Ähli zerur dermanlar bar we hassalar doly bejergi alýarlar" diýip, Akmola welaýatynyň häkiminiň orunbasary Altynaý Amrenowa aýtdy.

Hassalaryň ýagdaýy lukmanlaryň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar.

XS
SM
MD
LG