Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda oppozisiýa aktiwisti Koketaýewa 15 gün tussaglyga höküm edildi


Madina Koketaýewa (arhiw suraty)
Madina Koketaýewa (arhiw suraty)

Gazagystanda oppozisiýa aktiwisti Madina Koketaýewa Almatyda şäher aeroportyndaky bidüzgünçilikleriň dowamynda aktiwistleriň saklanmagyna garşy geçirilen parahatçylyk protestine gatnaşandygy üçin, 15 gün tussaglyga höküm edildi.

Koketaýewanyň aklawçysynyň maglumatyna görä, onuň müşderisine höküm 25-nji ýanwarda çykarylypdyr.

Koketaýewa tussag edilen mahaly urulandygyny we bu sebäpli medisina hemaýatyna zerurlygyň dörändigini aýtdy. Bu 24-nji ýanwarda sebite prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gelmegine gabat geldi.

“Olar Tokaýew sebitden gitmeýänçä, meni goýbermezler” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG