Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda protestler wagtynda öldürilen 4 ýaşly çaga bilen bagly kazyýet işi başlandy


Aýkorkem
Aýkorkem

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda geçen ýyl bolan gozgalaň wagtynda öldürilen 4 ýaşly çaganyň işine dahylly diýlip güman edilýän adamyň ýokary derejeli kazyýet işi başlandy.

Aýkorkem Meldekhan Almatyda, resmi derňewleriň yşarat etmegine görä, harby işgärler tarapyndan atylyp öldürildi. Ol 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda öz maşgala agzalary bilen awtoulagly azyk dükanyna barýan wagtynda öldürildi.

Onuň içinde oturan awtoulagyna azyndan 20 ok atyldy we netijede Aýkorkemiň 15 ýaşly aýal dogany hem ýaralandy.

Kazyýet-derňew işi netijesinde oklaryň harbylar tarapyndan ulanylýan ýaraglardan atylandygy anyklandy. Bu işde aýyplanýan harby gullukçy Aýdos Žuman 26-njy iýulda, harby kazyýetde başlanan kazyýet işiniň başynda öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykyp ýarag ulanmak we çaga ölümine sebäp bolmak babatynda bildirilen aýyplamalar boýunça özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy.

Eger-de günäli tapylsa, Žuman ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

XS
SM
MD
LG