Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda, Russiýada suw joşmasy sebäpli 125,000 töweregi adam ewakuasiýa edildi


Demirgazyk Gazagystan, Pokrowka obASY
Demirgazyk Gazagystan, Pokrowka obASY

Russiýanyň we Gazagystanyň birnäçe sebitinde, suw derejesiniň ýokarlanmagynyň dowam edýän ýerlerinde, güýçli suw joşmalary we sil zerarly, 125,000 töweregi adam ewakuasiýa edildi.

Gyşda ýagan agyr gardan soň, adatdan daşary maýyl howa garyň birden eremegine sebäp boldy. Bu ýagdaý Ural we Tobol ýaly derýalaryň derrew dolup-daşmagyna alyp geldi.

Hünärmenleriň käbiri bu ýagdaýy global howa özgermesi bilen baglanyşdyrýar.

Demirgazyk Gazagystanda şu aýyň başyndan bäri, sil gelmek howpy abanan sebitlerden 111,000-den gowrak adam ewakuasiýa edildi; 14-nji aprelde bolsa, diňe Işim derýasynyň golaýyndan, 20,000 töweregi ilatly Petropawlowskdan 4500 töweregi adam ewakuasiýa edildi.

Suw derejesiniň barha ýokarlanmagy bilen, Kurgan şäheriniň golaýyndan geçýän Tobol derýasynyň suw derejesi 6,73 metre ýetdi we, Russiýanyň günorta Kurgan sebitinde sil gelmek howpy abanýan sebitlerden 13,000 töweregi adam ewakuasiýa edildi diýip, ýerli häkimiýetler 15-nji aprelde aýtdy.

XS
SM
MD
LG