Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda separatizmde günäli tapylan zenana süýşürilen bäş ýyl tussaglyk berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

27-nji dekabrda Gündogar Gazagystanyň Altaý etrabynyň sudy, mundan iki hepde ozal 43 ýaşly aýala separatizm aýyplamalary esasynda süýşürilen bäş ýyl türme tussaglyk höküminiň çykarylandygyny aýtdy.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýan aýala garşy derňew şu tomsuň başynda başlanypdy.

Gürrüňi gidýän zenan Instagram hasabynda Gündogar Gazagystanyň “ir-u-giç Russiýanyň düzümine goşuljakdygy” barada ýazgy galdyrypdy.

Ol özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi.

Suduň kararyna görä, ol özüniň ýetginjek çagasyna gözegçilik etmelidigi üçin, tussaglyk möhletini 2028-nji ýylda berjaý edip başlar.

XS
SM
MD
LG