Günbatar Gazagystanda ozal görlüp-eşidilmedik suw joşmalary barada maglumat beren žurnalist Raul Uporow huligançylykda aýyplandy. Bu barada 30-njy aprelde sebitiň polisiýa edarasy Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
Mundan bir gün öň, Uporow Facebook hasabynda kanun goraýjylaryň özüni zor bilen polisiýa edarasyna äkidip barýandygy, ol ýerde hem oňa resmi ýagdaýda administratiw iş boýunça aýyplamanyň bildiriljekdigi barada ýazgy galdyrypdy.
Biraz soň, ol bu işiň onuň ýerli Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň žurnalistleriň suw joşmalaryndan ejir çeken sebitlere barmagyna we ol barada habar taýýarlamagyna böwet bolýandygy baradaky çap eden maglumaty bilen bagly açylandygyny aýdy.
Agentlik bu hereketini “howpsuzlyk çäreleri” bilen düşündirdi. Uporow bolsa, suw joşmalary barada taýýarlan wideosynda, bu çäreleri ýiti tankytlady.
Polisiýa onuň wideosynda ulanan käbir sözlerini “gödek” hasaplaýandygyny aýdyp, žurnaliste garşy huligançylyk aýyplamasy boýunça iş gozgady.