Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýene bir nebit kompaniýanyň işçileri iş taşlaýyş geçirýär


Nebitçiler ýagdaýlara prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň goşulmagyny isleýärler.
Nebitçiler ýagdaýlara prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň goşulmagyny isleýärler.

Gazagystanyň Mangystau şäherinde iş alyp barýan Hytaýyň “Beýik Diwar” (Great Wall) nebit kärhanasynda zähmet çekýän ýüzlerçe işçi zähmet haklarynyň artdyrylmagyny, iş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle-de planlaşdyrylýan iş ştatlarynyň kemeldilmeginiň ýatyrylmagyny talap edip, iş taşlaýyş yglan etdiler.

Hazar deňziniň kenaryndaky Aktau şäherindäki işçileriň Azatlyga aýtmagyna görä, olar bu çäräni geçen hepdeden bäri dowam etdirýärler.

Olar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýagdaýlara goşulmagyny isleýärler.

Bu aralykda, Mangystaudaky Žetibaý şäherinde başga bir nebit kompaniýasynyň, ýagny West Oil Software kärhanasynyň işgärleri, özleriniň bir aýlyk iş taşlaýyşyny bes etmeseler, onda wezipelerinden boşadyljakdygy barada haýbat atylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG