Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly tüçjar Angliýanyň futbol klubuny satyn aldy


 Mihaýil Lomtadze
Mihaýil Lomtadze

Gazagystanda ýaşaýan milliarder Mihaýil Lomtadze Angliýanyň “Uikom Uonderers” (“Wycombe Wanderers”) futbol klubuny satyn aldy.

Lomtadze degişli “Blue Ocean Partners Ltd.” kompaniýasy klubuň 90% paýy üçin mälim edilmedik mukdarda serişde harçlapdyr. Klub Angliýanyň birinji ligasynda oýnaýar. Bu Angliýanyň futbol ligasynyň ulgamyndaky wajyplylygy boýunça üçünji diwiziondyr.

Gruziýada doglan Lomtadze Gazagystandaky iň iri finteh kompýaniýasy Kaspi.kz-iň baş dolandyryjysydyr. 2024-nji ýylda Forbes neşiri Lomtadzeni özüniň milliardlerler sanawynda 581-nji orunda ýerleşdirdi. Onuň $5.7 milliard serişdesiniň bardygy çaklanýar.

XS
SM
MD
LG