Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň aňtaw ofiseri adam öldürendigi üçin 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi


Gazagystany gaplap alan halk protestleri güýç bilen dargadyldy we azyndan 238 adamyň ölümine sebäp boldy.
Gazagystany gaplap alan halk protestleri güýç bilen dargadyldy we azyndan 238 adamyň ölümine sebäp boldy.

Gazagystanyň kazyýeti Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) işgäri Anet Baýtursynowy 42 ýaşly Almas Mukaşewi ölýänçä urandygy üçin 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, aklawçy Berden Kadyr Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Taldykorganyň ýaşaýjysy bolan Makaşew geçen ýylyň ýanwaryndaky protestler mahalynda urlup öldürilipdir.

MHK-nyň beýleki bir ofiseri Andreý Sorokin bolsa, "eşiden maglumatlaryny ygtyýarly organa habar bermändigi" üçin dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Prokuror Baýtursynowa 11 ýyl, Sorokine bolsa üç ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Geçen ýyl Gazagystany gaplap alan halk protestleri güýç bilen dargadyldy we azyndan 238 adamyň ölümine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG