Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň DIM-i ýurda girmegine gadagan edilenleriň sanawynyň bardygyny tassyklady


Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aibek Smadiýarow
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aibek Smadiýarow

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Gazagystan barada jemgyýetçilikde “negatiw pikirleri beýan edenleriň” sanawynyň düzülendigini we şol sebäpli bularyň ýurda girmegine gadagançylyk salnandygyny aýtdy.

Aibek Smadiýarow 2-nji oktýabrdaky çykyşynda, sanawyň jemgyýetçilige äşgär edilmejekdigini aýtdy, şeýle-de onuň haçan düzülendigini takyklaşdyrmady.

Smadiýarowyň bu bellikleri metbugat brifinginde žurnalistleriň biriniň Russiýanyň käbir resmileri, syýsasatçylary, blogerleri we žurnalistleri tarapyndan Gazagystana garşy uruş alyp barmak baradaky ýygjamlaşýan bellikleri bilen bagly sowalyndan soň edildi.

Gazagystan Moskwanyň hem ykdysady, hem-de harby ýarany bolup, onuň 7 müň 500 km özara serhedi bar. Emma Astana Moskwanyň Ukrainadaky okupirlän sebitlerini Russiýanyň bölegi hökmünde ykrar etmedi.

XS
SM
MD
LG