Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, Gazagystanyň ilaty şu ýylyň ilkinji iki aýynda 0,16 göterim köpelip, 1-nji martda 20,5 million adama ýetdi.
Gazagystanyň şäher ilaty şu ýylyň ilkinji iki aýynda 0,27 göterim köpelip, 13,2 million adama ýetdi, oba ilaty bolsa 0,05 göterim azalyp, 7,4 million adama ýetdi. Şäher ilaty umumy ilatyň 63,9 göterimini, oba ilaty bolsa 36,1 göterimini düzýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda häzir Özbegistan ilat sany boýunça öňdeligi saklaýar. Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, bu ýurtda hemişelik ýaşaýan adamlaryň sany, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 38,2 milliona ýetdi.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa görä, Gyrgyzystanda hemişelik ýaşaýan adamlaryň sany 7,4 milliondan geçdi. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Täjigistanyň ilaty takmynan 10,7 million adam boldy.
Türkmenistanyň iň soňky ilat ýazuwy 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirildi we 2023-nji ýylyň iýulynda ilatyň umumy sanynyň 7 milliondan gowrak bolandygy habar berildi. Emma muňa garamazdan, garaşsyz synçylar resmi maglumatlara şübhelenýärler we sanlaryň çişirilendigini çak edýärler.