Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda 5 ballyk ýertitreme boldy

Ýertitremeden soň daşary çykan adamlar. Almaty
Ýertitremeden soň daşary çykan adamlar. Almaty

4-nji martda Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda 5 bal derejesinde ýer titredi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklar ýer sarsgynynda adam pidalarynyň we möhüm weýrançylygyň bolmandygyny, emma hadysanyň ýaşaýjylaryň arasynda gorkyny döredendigini aýtdy.

Ýertitremäniň netijesinde käbir jaýlarda jaýryklar emele geldi, penjireler döwüldi. Şäheriň ähli mekdeplerinde, çagalar baglarynda we uniwersitetlerinde sapaklar ýatyryldy.

Şäher resmileri ýaşaýjylaryň daşarda gijä çenli garaşyp bilmekleri üçin, 384 sebitde ýörite ýerleri ornaşdyrdylar.

Ýertitreme goňşy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde we beýleki şäherlerinde hem duýuldy.

XS
SM
MD
LG