Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezident diwanynyň başlygy premýer-ministr wezipesine hödürlendi


Olžas Bektenow
Olžas Bektenow

Gazagystanyň häkimiýet başyndaky Amanat partiýasy prezident diwanynyň başlygy Olžas Bektenowy ýuduň premýer-ministri wezipesine hödürledi. Bu barada 6-njy fewralda prezidentiň edarasy mälim etdi.

Bektenowyň kandidaturasyna 6-njy fewralda ýurduň Mejlisinde geçmeli plenar diňlenişigiň dowamynda garalar. Mejlisiň beýanatyna görä, bu diňlenişige prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň özi hem gatnaşar.

5-nji fewralda Tokaýew ozalky hökümetiň işden çekilmegini oňlady we premýer-ministriň orunbasary Roman Sklýary ýerine ýetiriji premýer-ministr edip belledi.

43 ýaşly Bektenow geçen aprelden bäri prezident diwanynyň başlygy bolup işleýärdi. Mundan öň, ol Gazagystanyň Korrupsiýa garşy agentligine ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG