Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezident diwanynyň ozalky başlygy täze premýer-ministr boldy


Gazagystanyň täze premýer-ministri Olžas Bektenow
Gazagystanyň täze premýer-ministri Olžas Bektenow

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň prezident diwanynyň we korrupsiýa garşy agentligiň ozalky başlygy Olžas Bektenowy ýurduň täze premýer-ministri wezipesine belledi. Mundan bir gün öň, Tokaýew ýurduň hökümetini dargadypdy.

Tokaýew Bektenowy täze wezipä bellemek baradaky karara 6-njy fewralda gol goýdy. Mundan birnäçe sagat ozal, häkimiýet başyndaky Amanat partiýasy premýer-ministr wezipesine Bektenowyň kandidaturasyny hödürledi, we ol gysga wagtda kanunçykaryjylar tarapyndan oňlandy.

Hökümetiň düzümindäki üýtgeşmelere resmi düşündiriş berilmedi. Emma Tokaýew öňden bäri ýurtdaky inflýasiýanyň ýokary derejesi we barha sandan çykýan infrastruktura üçin ozalky hökümete nägileligini bildirip gelýärdi.

43 ýaşly Bektenow geçen ýylyň aprelinden bäri prezident diwanynyň başlygy bolup işläpdi.

Mundan öň, ol Gazagystanyň Korrupsiýa garşy agentligine ýolbaşçylyk edipdi. Ol bu wezipä 2022-nji ýylyň ýanwaryndaky ozal görlüp-eşidilmedik hökümete garşy protestlerden soň, ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň klanynyň täsiri gowşandan soň, bellenipdi.

XS
SM
MD
LG