Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak obasynyň ýaşaýjylary, suw joşmalaryndan soň, esasy köçäni petiklediler


 Koýandy obasynyň ýaşaýjylary esasy ýoly ençeme sagatlap petiklediler.
Koýandy obasynyň ýaşaýjylary esasy ýoly ençeme sagatlap petiklediler.

26-njy martda Gazagystanyň paýtagty Astananyň golaýyndaky Koýandy obasynyň ýaşaýjylary esasy ýoly ençeme sagatlap petiklediler. Olar häkimiýetlerden dowamly suw joşmalary sebäpli, sebitde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegini talap etdiler.

Häkimiýetler protestiň geçirilen ýerine howpsuzlyk güýçlerini ugradandan soňra, demonstrantlar sebiti terk etdiler.

Regionda howanyň birden maýlamagy sebäpli, garlar adatdakysyndan has tiz eräp, suw joşmalarynyň döremegine getirýär.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, sebitden 74 adam, şol sanda 30 çaga ewakuasiýa edilipdir.

Gazagystanyň beýleki sebitlerinden hem, garlaryň eremegi sebäpli döreýän suw joşmalary barada maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG