Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prokurorlary iş taşlan nebitçilere garşy derňew başlatdy


Iş taşlaýyş yglan eden nebitçiler
Iş taşlaýyş yglan eden nebitçiler

Gazagystanyň günbataryndaky Mangystau regionynyň prokurory Amanžol Aýtughanow Žetybaý şäherinde on gün bäri iş taşlaýyş geçirýän 500-e golaý nebit işçisine garşy derňewiň açylandygyny mälim etdi.

Mundan öň, ýerli sud iş taşlaýşyň bikanundygy barada höküm çykardy. 20-nji dekabrda Aýtughanow munuň bilen bagly işçilere jerime salnyp bilinjekdigini hem duýdurdy.

West Oil Software kärhanasynyň işçileri aýlyk tölegleri ulgamynyň milli KazMunaiGas energiýa korporasiýasyna goşulmagyny we öz ulanýan tehniki enjamlarynyň täzelenmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG