28-nji dekabrda gazak sudy Gazagystanda maşgala gazaplylygyna gözegçilik edýän “NeMolchiKZ” toparynyň lideri, özi bosgunlyga çykan Dinara Smailowany tussag etmek barada höküm çykardy.
Gazak resmileriniň 28-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Dina Tangsari lakamy bilen hem tanalýan Smailowa hamana kezzaplykda, şahsy durmuş bilen ilteşikli kanunlary bozmakda we ýalan maglumatlary ýaýratmakda aýyplanýar.
Smailowa toparyny, özüniň hem belli bir wagt aralygynda ýaşan, Gürjüstanda hasaba aldyrypdy. Emma şu ýylyň başynda ol Gürjüstana goýberilmänden soň, Ýewropa Bileleşiniň agza ýurtlarynyň birine aşdy.