Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy Özbegistanda gözlenýän garagalpak aktiwistiniň tussaglyk möhletini uzaltdy


Akylbek Muratow (arhiw suraty)
Akylbek Muratow (arhiw suraty)

20-nji martda Almatynyň sudy garagalpak aktiwisti Akylbek Muratowyň tussaglyk möhletini 2025-nji ýylyň fewralyna çenli uzaltdy. Muratow dogduk ýeri Özbegistanda gözlenýär, onuň özi bildirilýän aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdýar.

Ol geçen aý Gazagystanda Özbegistanyň haýyşy boýunça saklandy. Özbegistan oňa konstitusiýa tertibini bozmak we beýleki aýyplamalary bildirýär. Gazak sudy ilki başda, onuň Özbegistana mümkin ekstradisiýasy boýunça netije çykarylýança, azyndan 40 gün möhlet bilen tussaglyga ýerleşdirmek barada höküm çykarypdy. Şol pursat, başga goşmaça maglumat berilmändi.

Muratow Özbegistanyň raýaty bolup, ol soňky 10 ýyl bäri Almatyda kanuny esasda ýaşaýardy.

Muratbaý lakamy bilen hem tanalýan Muratow, Gazagystandaky garagalpaklaryň hak-hukuklaryny goramakda hem tanalaýar. Ol Özbegistandaky, özüniň dogduk ýeri bolan, Garagalpagystan Awtonom respublikasyndaky ýagdaýlar barada hem dünýä jemgyýetçiligini habarly edýärdi.

XS
SM
MD
LG