Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen ýyl Eýranda 834 adam jezalandyrylyp öldürildi – hukuk toparlary


Eýranyň häkimiýetleri jezalandyrylyp öldürilenleriň "85% töweregini jemgyýetçilige aýan etmeýärler".
Eýranyň häkimiýetleri jezalandyrylyp öldürilenleriň "85% töweregini jemgyýetçilige aýan etmeýärler".

2023-nji ýylda Eýranda azyndan 834 adam jezalandyrylyp öldürildi. Bu 2022-nji ýylyň sanlary bilen deňeşdirilende 43% köpdür. Bu barada Eýranyň Adam Hukuklary toparynyň we düýbi Parižde ýerleşýän Agzybirlik bilen Ölüm jezasyna garşy atly guramanyň bilelikde taýýarlan hasabatynda aýdylýar.

5-nji martda ýaýradylan hasabatda bellenmegine görä, Eýranyň häkimiýetleri jezalandyrylyp öldürilenleriň 85% töweregini jemgyýetçilige aýan etmeýärler. Netijede ölüme höküm edilenleriň asyl sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG