Gürjüstanda onlarça binalaryň we ulaglaryň suwuň astynda galmagyna hem-de Tbilisi haýwanat bagynyň ýumrulmagyna sebäp bolan güýçli suw joşgunyndan bir gün geçensoň, 15-nji iýunda halas ediş operasiýalarynyň dowam edýändigi habar berilýär. Bu heläkçilikde azyndan 10 adamynyň ýitirim bolandygy, 12 sanysynyň hem ölendigi habar berilýär. Sil şäheriň haýwanat bagyndan gaplaňlaryň, ýolbarslaryň, möjekleriň we beýleki haýwanlaryň gaçyp çykmagyna sebäp boldy. Şol haýwanlaryň käbirleri sil suwy netijesinde öldi, käbirleri bolsa polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi. Şol bir wagtyň özünde haýwanlaryň käbirleri degişli häkimiýet gulluklary tarapyndan tutulyp, gaýtadan öz kapasalaryna salyndy.
Tbilisi: Halas ediş çäreleri dowam edýär
1
Haýwanat bagyndan gaçan begemot Tbilisiniň suw basan köçelerinde ýöreýär.
2
Adamlar begemoty sil gelen köçäniň ýokarysyna itmäge synanyşýarlar. Haýwanat bagynyň işgärleri begemoty ele salmak üçin ýörite dermanlanan ok bilen atdylar.
3
4
14-nji iýunda Tbilisiniň haýwanat bagynyň sil gelen territoriýasyndan gaçyp çykmaga synanyşýan aýy.