Diplomatik tagallalaryň täzeden başlanmagyna garamazdan, ýedi aýa golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmek meselesinde Eýran bilen ABŞ-nyň pozisiýalary henizem biri-birinden daş bolmagynda galýar. Eýranly bir resmi muny 23-nji sentýabrda, prezident Masud Pezeşkian BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşynda ABŞ-nyň basyşyny ret eden mahaly aýtdy.
Resmi Reuters habar gullugyna Tähranyň ABŞ-nyň deňiz gabawyny aýyrmak we Hormuz bogazyny gaýtadan açmak baradaky eýran tekliplerine Waşingtonyň beren jogabyny öwrenýändigini aýtdy. Ýöne ol taraplaryň arasynda "henizem köp düşünişmezligiň bardygyny"» belledi.
Bu beýanat ABŞ bilen Eýranyň arasynda soňky birnäçe aýda ilkinji gezek geçirilen gytaklaýyn gepleşikleriň yzysüre edildi. Şol gepleşiklerde taraplaryň eglişik edendigi barada köpçülige hiç hili maglumat berilmedi.
Pezeşkian BMG-däki çykyşynda Eýranyň basyş astynda "dyza çökmejekdigini" aýtdy. Bir gün öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BMG-däki çykyşynda ylalaşyk gazanylmasa, Eýrany "ýok etjekdigini" aýdyp, haýbat atypdy. Şeýle-de bolsa, Pezeşkian Tähranyň gepleşiklere açykdygyny belledi.
Iki lider Eýranyň ýadro maksatnamasy babatda hem gapma-garşy garaýyşlary beýan etdi. Pezeşkian Tähranyň ýadro ýaragyny edinmäge çalyşmaýandygyny, ýöne parahatçylykly maksatlar üçin ýadro tehnologiýasyndan hem el çekmejekdigini aýtdy. Tramp bolsa Eýrany ýadro bombasyny edinmäge synanyşmakda aýyplap: "Men Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna hiç haçan ýol bermerin" diýdi.
Pezeşkian Eýranyň Hormuz bogazynda girizen çäklendirmelerini hem gorady. Uruşdan öň dünýä boýunça daşalýan nebitiň we suwuklandyrylan tebigy gazyň takmynan bäşden biri bu bogazdan geçýärdi. Häzir ol Waşington bilen gepleşiklerdäki esasy jedelli meseleleriň birine öwrüldi.
Şeýle-de 23-nji sentýabrda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Pezeşkian bilen gürleşendigini we Eýrany gämi gatnawynyň erkinligini dikeltmäge, goňşy ýurtlara zarbalary bes etmäge hem-de BMG-niň ýadro gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlygy gaýtadan ýola goýmaga çagyrandygyny aýtdy.
Forum