Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German daşary işler ministri Baltika ýurtlarynyň howpsuzlygyny nygtaýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok
Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň fonunda Baltika deňzi sebitindäki ýurtlaryň ýakyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny nygtady.

“Biziň her birimiziň howpsuzlygymyz biziň hemmämiziň howpsuzlygymyzdyr – bu Baltika deňzi sebitinde hem şeýledir” diýip, Baerbok 1-nji iýunda Baltika deňzi sebitindäki döwletleriň Geňeşiniň duşuşygynyň başynda aýtdy.

Baltika deňzi sebitindäki ýurtlaryň daşary işler ministrleri Germaniýanyň Baltika ýakasynda ýerleşýän taryhy Wismar şäherinde duşuşdy.

Baerbok, şeýle-de, Ukrainadaky urşuň sebit üçin, hususan-da geňeş üçin, öwrüm nokady bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG