Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Ukrainanyň agzalyk ýolundaky käbir päsgelçilikleri aradan aýryp biler - Germaniýa


Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius
Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius

NATO ýaranlary Ukrainanyň harby ýaranlyga agza bolmagynyň öňündäki käbir päsgelçilikleri aradan aýyrmaga taýýar bolup biler diýip, Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius Kiýewiň agzalygy babatda bar bolan meseleleri ýeňletmegi maksat edinýän NATO sammitine birnäçe hepde galanda, 16-njy iýunda aýtdy.

“Bu babatda hemmeleriň ylalaşyp biljekdigini görkezýän alamatlar bar” diýip, Pistorious Brýusselde ABŞ-nyň geçmişde beýleki käbir ýurtlardan talap edilen resmi dalaşgärlik prosesini şert goşmazdan Kiýewiň agzalygyna rugsat berip biljekdigi barada peýda bolan habarlar barada soralan soraga beren jogabynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG