Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň daşary işler ministri eýranly kärdeşine jaň etdi


Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok
Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok

Eýranyň Ysraýyla gönüden-göni hüjüm etmek ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok 11-nji aprelde deskalasiýa, dartgynlylygyň gowşadylmagyna çagyrmak üçin eýranly kärdeşine jaň etdi.

"Soňky netijeleri düýbünden belli bolmadyk gapma-garşylyga hiç kim gyzyklanma bildirip bilmez" diýip, Baerbok Berlinde aýtdy we sebitdäki ähli aktýorlary "jogapkärçilikli hereket etmäge we sabyr-kanagatly bolmaga çagyrdy".

Bu Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahiana ýetirilen habar diýip, al aýtdy.

Bu çagyryşyň Ysraýyl ýa-da ABŞ bilen utgaşdyrylandygy ýa-da däldigi barada soralanda, ol: "Häzirki wagtda sebitdäki dartgynlygyň öňüni almak üçin diplomatik telefon liniýalarynyň ählisi durman işleýär" diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG