Germaniýanyň öňki esgeri 27-nji maýda, Moskwanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan soň, Russiýa bilen gizlin harby maglumatlary paýlaşandygy üçin 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Dýusseldorf kazyýeti ady diňe Tomas H. görkezilen aýyplanýany harby söwdalar gullugyndaky işinden, öz başlangyjy boýunça, maglumat geçirmekde günäkär tapdy.
54 ýaşly erkek kazyýet işinde özüne ýöňkelen günäni boýun aldy we bu hyzmaty deregine gapma-garşylyk ýadro urşuna ýazan halatynda maşgalasyny wagtynda howpsuz ýere çykarmaga kömek edip biljek maglumat almak umydy bilen edendigini aýtdy.