Ýerli ýaşaýjylar 25-nji martda Günbatar Gazagystan sebitiniň Akžaýk etrabynyň Karauyltobe obasynyň golaýyna gaçan pilotsyz uçary tapdylar.
Günbatar Gazagystanyň sebit polisiýa bölümi bu fakt bilen baglanyşykly, degişli edaralaryň gatnaşmagynda, derňew işleriniň geçirilýändigini habar berdi.
"Obyekt ilatly nokadyň çäginden daşarda tapyldy. Wakanyň ähli ýagdaýlary derňelýär" diýip, "Umarovnews" neşiri polisiýanyň aýdanlaryna salgylanyp habar berdi. Polisiýada aýtmaklaryna görä, bolan wakanyň ähli ýagdaýy derňelýär.
Bu Gazagystanda ýere gaçan dronlaryň ilkinji gezek tapylyşy däl. Diňe Günbatar Gazagystan sebitinde geçen ýyl azyndan bäş dronyň galyndylary tapyldy.