Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa ses gataldyjylar arkaly Demirgazyk Koreýa gönükdirilen gepleşikleri dikeldýär

Seul serhet ýakasynda ýerleşdirilen ses gataldyjylar arkaly KHDR-e radio gepleşik bermegi ilkinji gezek 2004-nji ýylda synag etdi.
Seul serhet ýakasynda ýerleşdirilen ses gataldyjylar arkaly KHDR-e radio gepleşik bermegi ilkinji gezek 2004-nji ýylda synag etdi.

Günorta Koreýa bazar güni Demirgazyk Koreýa bilen serhetde ýerleşdirilen ses gataldyjylar arkaly gepleşik bermäge başlaýar diýip, respublikanyň prezident administrasiýasy habar berdi. Koreýa halk demokratik respublikasynyň serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylary indi Demirgazyk Koreýanyň propagandaçy metbugatyna düýpden gapma-garşy gelýän habarlary we beýleki programmalary diňläp bilerler diýip habarda aýdylýar.

Seul bu çäräniň Demirgazyk Koreýanyň dowam etdirýän "zibil hüjümlerine" berlen jogap boljakdygyny aýtdy. Demirgazyk Koreýa maý aýynyň aýagynda Günorta Koreýa tarap hapa torbalary birikdirilen müňlerçe şary uçurdy.

Phenýan hem öz gezeginde munuň Günorta Koreýanyň öňki çärelerine, ýagny Seulyň Kim Çen Unyň režimine garşy göreşe çagyrýan howa şarlaryna, Günorta Koreýanyň Demirgazykda gadagan edilen filmleriniň disklerini, aýdymlaryny we dollar pul birliklerini ibermegine berlen jogapdygyny aýtdy.

Seul serhet ýakasynda ýerleşdirilen ses gataldyjylar arkaly KHDR-e radio gepleşik bermegi ilkinji gezek 2004-nji ýylda synag etdi we wagtal-wagtal bu işi dikeltdi. Demirgazyk Koreýa senzurasyz habarlaryň we gadagan edilen aýdym-sazlaryň serhet goşunlarynyň ruhuny peseltmeginden howatyrlanyp, oňa garşy göreşýär.

XS
SM
MD
LG