Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýol bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Ýun Sok-ýol
Ýun Sok-ýol

Seulyň merkezi etrap kazyýeti öňki prezident Ýun Sok-ýoly adalatyň öňüni almak synanyşygynda günäkärläp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. B habary Günorta Koreýanyň "Yonhap" habar agentligi çap etdi.

Prokuror oňa 10 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Ol 2025-nji ýylyň ýanwarynda özüniň tussag edilmegine ýol bermezlikde, harby ýagdaýy yglan etmek baradaky karary işläp düzmekde we parlamentiň kararyndan soň täzeden seredilen permany ýok etmekde, şeýle-de, harbylaryň ulanan telefonlaryndaky ýazgylary pozmagy buýurmakda günäli tapyldy.

Höküm öňki prezidentiň deslapky tussaglyk möhleti gutarmazyndan iki gün öň çykaryldy. Onuň aklawçylary bu iş baradaky kararyň harby pitne baradaky işe seredileninden soň kabul edilmelidigini öňe sürdüler, ýöne kazy bu talaby ret etdi.

Agentligiň maglumatyna görä, Ýun Sok-ýola garşy jemi sekiz jenaýat işi gozgaldy, olar harby ýagdaýy girizmek synanyşygy, aýalynyň korrupsiýada aýyplanmagy we 2023-nji ýylda ýogalan deňizçi esgeriň ölümi bilen baglanyşykly.

Prokurorlar şu hepdäniň başynda oňa harby pitne işi boýunça ölüm jezasynyň berilmegini soradylar.

XS
SM
MD
LG