Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow 
Gurbanguly Berdimuhamedow 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistana bardy.

Öňki prezident Duşenbäniň halkara howa menzilinde, Hormat garawulynyň nyzama düzülmegi bilen, Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy.

Türkmen metbugaty anyklaşdyrman, bu saparyň özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belleýär.

Azatlyk radiosynyň täjik gullugynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedowyň sapary sebäpli paýtagtyň esasy şaýollaryndaky ulag gatnawlary bir sagada golaý petiklendi.

Täjigistanyň Ýokary mejlisiniň başlygy Rustam Emomaliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, saparyň dowamynda Berdimuhamedow bilen täjik resmileriniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga, 4-nji aprelde Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäre 5-nji aprelde tamamlanar.

XS
SM
MD
LG