Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a edýän sapary hakynda habar berilmeýär.
Şu aralykda ol prezident Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy bilen gutlady.
Bu gutlag 17-nji fewralda döwlet eýeçiligindäki metbugatda çap edildi.
Türkmen metbugaty 16-njy fewalda öňki prezidentiň ABŞ-a sapara ugrandygyny habar berdi.
Halk maslahatynyň başlygynyň öňünden yglan edilmedik saparynyň jikme-jiklikleri, näçe gün dowam etjekdigi aýdylmady.
Bu sapar ýokary derejeli ABŞ resmileriniň Aşgaýada eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.
ABŞ-nyň prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Birleşen Ştatlaryň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor we ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň sekretary Deniel Driskol ýanwar aýynyň aýagynda Türkmenistana sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşyp, howpsuzlyk we ykdysadyýet meseleleri barada maslahat etdiler.
Mundan başga, Serjio Gor Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem gepleşik geçirdi. Türkmen metbugaty şonda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alşandyklaryny habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a sapary, onuň baran şäheri, duşuşan, gepleşik geçirýän resmileri barada türkmen metbugatynda häzire çenli hiç bir zat aýdylmaýar.