Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanly HDG-lar dawaly kanun boýunça Konstitusion we Ýewropa sudlaryna şikaýat etmekçi bolýar


Gürjüstanly demonstrantlar "daşary ýurt agentleri" kanunyna garşy protest geçirýärler.
Gürjüstanly demonstrantlar "daşary ýurt agentleri" kanunyna garşy protest geçirýärler.

Gürjüstanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň (HDG) birnäçesi häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan ilerledilýän “daşary ýurt agentleri” kanunyna hem ýurduň öz içinde, hem-de daşynda şikaýat etjekdiklerini yglan etdiler.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň topary bu taslamanynyň kanuna gabat gelip-gelmeýändigi boýunça Gürjüstanyň Konstitusion suduna we Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň kazyýetine ýüz tutjakdyklaryny aýtdylar.

Russiýanyň repressiw çärelerine çalymdaş görülýän we ýurduň Ýewropa Bileleşigine tarap ymtylmasyna wehim salýan kanun taslamasyna garşy birnäçe hepde bäri geçirilýän protestlere garamazdan, “Gürji arzuwy” partiýasy, garaşylyşy ýaly, muny tassyklady.

Kanunçykaryjylar 28-nji maýda prezidentiň bu kanuna goýan wetosyny ýatyranyndan soň, bu dawaly kanunyň ýene Salome Zurabişwiliniň stoluna gaýdyp gelmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG