Gürjüstanyň parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili kanunçykaryjylaryň, ozaldan hem garaşylyşy ýaly, prezident Salome Zurabişwiliniň “daşary ýurt agentleri” diýilýän kanunyna goýan wetosyny ýatyrjakdyklaryny mälim etdi.
Habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki bähbit aramaýan guramalar, maliýeleşdirmegiň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, bu kanuna laýyklykda, “daşary ýurt döwletiniň bähbitlerini yzarlaýan” hökmünde hasaba alynmaly bolarlar.
Kanunyň tankytçylary onuň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň başgaça pikirlileri we garaşsyz institutlary basyp ýatyrmak üçin ulanan rus kanunyna çalymdaşdygyny aýdýarlar.
Gürjüstanyň parlamenti, birnäçe hepde bäri dowam edýän protestlere we Günbataryň bu ädimiň Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik bileleşigine goşulyşmagyna howp salýandygy baradaky duýduryşlaryna hem garamazdan, ony kabul etdi.
Prezident Zurabişwili bu kanuna weto goýmazyndan öň, bu kanunyň tassyklanmagy bilen, Gürjüstanyň döwlet hökmünde ýaşamagynyň howp astyndadygyny duýdurypdy.
Papuaşwiliniň 20-nji maýdaky sözlerine görä, parlamentde ýeterlik seslere eýe bolan “Gürji Arzuwy” partiýasynyň öňümizdäki hepdäniň dowamynda prezidentiň wetosyny ýatyrmagyna garaşylýar.