Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň Rustawi şäherinde hüjümçi dört adamy atyp öldürdi


Resmiler bu hüjüm bilen ilteşikli jenaýat işini gozgadylar.
Resmiler bu hüjüm bilen ilteşikli jenaýat işini gozgadylar.

Gürjüstanyň günortasyndaky Rustawi şäherinde bir ýaragly adamyň ýerli bazarda ot açmagy netijesinde, dört adam öldi, başga-da ençemesi ýaralandy. Bu barada 9-njy fewralda bu günorta Kawkaz döwletiniň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Maglumatda hüjüm bilen ilteşikli 1988-nji ýylda doglan bir erkek kişiniň saklanandygy aýdylýar.

Heläk bolanlaryň biriniň hüjümçiniň daýysy bolandygy, ýaralananlaryň biriniň hem onuň dogan oglanydygy bellenilýär.

Hüjümçiniň näme sebäpden ot açyp başlandygy bada-bat aýan bolmady.

Resmiler bu waka bilen ilteşikli jenaýat işini gozgadylar.

XS
SM
MD
LG