Gyrgyz aktiwisti Askat Jetigen 20-nji martda tussag edileninden soň, polisiýa tarapyndan 1.5 sagat töweregi elektrik-şoker bilen gynalandygyny aýtdy. Ol bu barada 23-nji maýda suduň zalynda çykyş etdi.
Jetigen köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda aýyplanýar. Ol aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, bulary ret edýär.
Gynamalaryň öňüni almak boýunça döwlet merkeziniň başlygy Bakyt Rysbekow apreliň başyndan bäri Jetigeniň arzasy boýunça derňewiň alnyp barylýandygyny tassyklady.
Jetigen gyrgyz hökümetiniň tankytçysy hökmünde tanalýar. Ol Medeniýet ministrliginiň reformalaryny tankytlaýan maglumatlary internetde ýerleşdireninden birnäçe gün soň tussag edilipdi.