Gyrgyz kanunçykaryjysy ýurduň ozalky lideri Sooronbaý Jeenbekowy ‘öňki prezident’ statusyndan mahrum etmegi teklip etdi. Deputat Akylbek Tumonbaýew muny Jeenbekowyň Gümrük gullugynyň ozalky başlygy Raimbek Matraimow bilen güman edilýän ilteşigi sebäpli öňe sürdi. Matraimow gaçyp çykdy, onuň häzir nirededigi belli däl.
Tumonbaýew Matraimow bilen ilteşigi sebäpli birnäçe kanunçykaryjynyň we käbir ministrleriň eýýäm wezipelerinden çekilendigini nygtady.
Ol Matraimowy Jeenbekowyň “syýasy arenasyna getirendigini, emma onuň adynyň jemgyýetçilige aýan edilmändigini” aýtdy. “Bu aralykda, Jeenbekow döwlet býujet serişdeleriniň hasabyna ýaşaýar” diýip, Tumonbaýew parlamentiň mejlisiniň dowamynda çykyş etdi.
Jeenbekowy ‘öňki prezident’ statusyndan mahrum edilmegi üçin, ilki bilen onuň Sosial Demokratlar partiýasy bu barada ylalaşmaly, soňundan hem muňa garajak ýörite parlament komissiýasy esaslandyrylmaly. Bu barada kanunçykaryjy Nurlanbek Azygaliýew aýtdy.
Jeenbekowyň ‘öňki prezident’ statusy oňa yzarlanmalara garşy el degirmesizlik hukukyny berýär.