Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz DIM-i Orsýetden 35 müňe golaý raýatyň deportasiýa edilmek ähtimallygyny duýdurdy


Migrant işçiler. Arhiw suraty
Migrant işçiler. Arhiw suraty

Orsýetiň migrasiýa gözegçiligi sanawynda Gyrgyzystanyň 34 müň 786 raýaty bar diýip, daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew habar berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen noýabr aýynda bu sanawda takmynan 128 müň gyrgyz raýaty bardy. Şondan bäri olaryň köpüsi sanawdaky atlaryny barlap, durumlaryny kanunylaşdyrmagy başardy. Ýöne, hökümet we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan görlen çärelere garamazdan, käbir raýatlaryň atlary bu sanawda saklanyp galýar we deportasiýa edilmäge degişli diýip, Kulubaýew aýtdy.

Orsýetdäki işçi güýjüniň ýetmezçiligini göz öňünde tutup, ol rus häkimiýetleriniň migrasiýa syýasatyny ýeňilleşdirmegine umyt bildirdi.

Şeýle-de, daşary işler ministriniň sözlerine görä, gyrgyz zähmet migrantlarynyň yzlaryna gaýdyp gelmegi işçi güýjüne mätäç bolan Gyrgyzystanyň özi üçin hem peýdaly bolup biler.

2024-nji ýylyň martynda “Krokus Siti Holda” bolan terrorçylykly hüjümden soň, Wladimir Putiniň görkezmesi bilen, rus häkimiýetleri immigrasiýa kanunlaryny güýçlendirmek ugruny aldylar

XS
SM
MD
LG