Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri “ýok edilen” jenaýat  ketdesiniň $1 milliardlyk baýlygyny aldy


Kamçi Kolbaýew. Arhiw suraty
Kamçi Kolbaýew. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 9-njy oktýabrda geçen hepde Bişkekde geçirilen ýörite operasiýada öldürilen jenaýat ketdesiniň, Kamçi Kolbaýewiň 1 milliard dollarlyk emläginiň konfiskasiýa edilendigini aýtdy.

Waşington Kolbaýewi 2011-nji ýylda neşe gaçakçylygynda güman edilýän esasy neşe söwdagärleriniň global sanawyna goşdy.

49 ýaşly erkek “kanunlaşan ogry” hökmünde tanalýardy, öňki sowet respublikalarynda bu at-dereje, däp boýunça, jenaýatçy toparlaryň arasynda aýratyn tapawutlanan, ýakasyny tanadan şahslara berilýärdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2014-nji ýylda Kolbaýewiň jenaýatçylyk ulgamynyň maliýe mehanizmleriniň üstüni açmaga kömek etjek maglumat üçin 1 million dollar baýrak teklip etdi.

XS
SM
MD
LG