Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz howpsuzlyk resmileri häkimiýeti ele geçirjek bolan toparyň saklanandygyny aýdýar


Gyrgyz howpsuzlyk işgärleri
Gyrgyz howpsuzlyk işgärleri

Gyrgyzystanyň Milli döwlet howpsuzlyk komiteti 6-njy iýunda häkimiýeti ele geçirmek planyny düzmekde güman edilýän bir topar erkek we aýal adamyň tussag edilendigini aýtdy.

MDHK-nyň habaryna görä, bu topara Eldik Keneş (Halk Geňeşi) syýasy partiýasynyň başlygy Roza Nurmatowa ýolbaşçylyk edipdir. Ol özüniň dört kärdeşi bilen bilelikde bildirilen aýyplamany boýun aldy.

Bir gün öň Bişkekde häkimiýeti zor bilen ele geçirmäge taýýarlyk görmekde güman edilýän adamlaryň köpçülikleýin tussag edilýändigi habar berildi.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, MHDK-nyň işgärleri bir gün ozal 10 töweregi adamy tussag edipdir.

Bu habar internetde ýörite gulluklaryň işgärleriniň lybasyndaky adamlaryň howlukmaç ýagdaýda bir öýe girişini görkezýän wideolar peýda bolanyndan soň ýaýrady.

Başga bir wideoýazgyda bolsa olar bir awtoulagy saklap, bir adamyň eline gandal urýarlar. Wideonyň hakykylygyny barlamak mümkin bolmady. Häzirlikde kimiň tussag edilendigi barada maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG