Gyrgyzystanyň Ombudsmen institutynyň, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilhanasynyň işgärleri paýtagt Bişkekdäki 1-nji tussag merkeziniň garawullarynyň žurnalist Mahabat Tajibek kyzyna we onuň iki kameradaşyna fiziki taýdan hüjüm edendiklerini tassykladylar.
Ombudsmeniň wekilleri hepde aýagynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 6-njy aprelde deslapky tussaghana baryp, Täjibek kyzyny görendiklerini we onuň şol gün eden şikaýatynda görkezilen ýerlerinde, ellerinde, ýüzünde we çep golunda gök tregmilleriň bardygyny tassyk etdiler.
Prokurorlar soň Tajibek-kyzynyň şikaýaty boýunça deslapky derňew işine başlandyklaryny aýtdylar.
Tajibek kyzy “Temirow Live” derňew toparynyň esaslandyryjysy, tanymal derňewçi žurnalist Bolot Temirowyň aýalydyr. Temirowyň özi 2022-nji ýylyň noýabr aýynda, kazyýetiň Gyrgyzystanyň raýatlygyny bikanun alandygy barada çykaran kararyndan soň, Moskwa deportasiýa edildi.
Ol özüne bildirilen aýyplamany ret edýär.