Gyrgyz parlamentiniň (Ýokarky Keneşiň) agrar syýasat, suw serişdelerini, ýerasty baýlyklary ulanmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky komiteti ýurtdaky epizootik ýagdaýy gowulandyrmak barada görülmeli çäreleri aslahatlaşar.
Komitetiň başlygy Kubanyçbek Samakow maslahatlaşylýan resminamada köpçülige mälim edilmeýän, "gizlin" we "diňe resmi ulanyş üçin" belgili maglumatlaryň bardygyny, şu sebäpden meseläniň ýapyk gapylaryň arkasynda maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.
Soňky aýlarda Orsýetde pasterellýoz bilen kesellän mallaryň öldürilip, läşleriniň ýakylýandygyny görkezýän wideolar ýaýrady. Gazagystanda bu kesel rinotraheit diýlip atlandyryldy. Russiýadaky epizootik ýagdaý sebäpli, Gazagystan goňşy ýurduň birnäçe sebitinden janly mallaryň we et önümleriniň importyna wagtlaýyn çäklendirme girizdi.
Soňky aýlarda Gyrgyzystanda hem mallaryň kesellemegi köpeldi. Parlament agzalarynyň käbiri kesellän mallardaky alamatlaryň aýak-agyz keselini yşarat edýändigini aýtdy we bu meseläni parlamentde gaýta-gaýta gozgady.
Suw hojalyk, oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat ministrligi ýurtda aýak-agyz keseliniň hiç bir hadysasynyň hasaba alynmandygyny we epizootik ýagdaýyň durnuklydygyny öňe sürýär.
Gyrgyz hökümeti geçen hepdede Russiýadan aýak-agyz keseline garşy 4,5 million doza waksina satyn almak meýilnamasyny yglan etdi.