Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti resmileriň gyrgyzça gürlemegini talap edýän kanuny goldaýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow wezipeli adamlaryň ählisini, resmi maksatlar üçin, gyrgyz dilinde gürlemäge borçly edýän kanun taslamasyna gol çekdi.

Ýurduň kanun çykaryjylarynyň maý aýynda tassyklan kanun taslamasyna laýyklykda, gyrgyz dili indi döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kompaniýalaryň, kärhanalaryň we eýeçiligiň islendik görnüşindäki guramalaryň ähli resmisi tarapyndan ulanmaly edildi.

Şeýle-de, bu kanun teleýaýlymlary we radio ýaýlymlaryny öz gepleşikleriniň azyndan 60 prosentini gyrgyz dilinde taýýarlamaga borçly edýär.

Gyrgyz dili türki diller toparyna degişli bolup, Gyrgyzystanyň döwlet dili diýlip yglan edildi. Şol bir wagtda, rus diliniň Gyrgyzystandaky resmi dil durumy saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG