Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow üç ministri wezipesinden boşatdy

Sadyr Žaparow (sagda), Kamçybek Taşiýew. Bişkek, 2022-nji ýylyň 25-nji marty
Sadyr Žaparow (sagda), Kamçybek Taşiýew. Bişkek, 2022-nji ýylyň 25-nji marty

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Absattar Syrgabaýewi ulag we aragatnaşyk ministri wezipesinden, Meder Maşiýewi tebigy baýlyklar, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministri wezipesinden, Boobek Ažikeýewi adatdan daşary ýagdaýlar ministri wezipesinden boşatdy.

Prezident administrasiýasy ministrleriň işden boşadylmagynyň anyk sebäplerini aýtmady.

Absattar Syrgabaýewiň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygy Kamçybek Taşiýewiň ýakyn adamlarynyň biridigi aýdylýar.

Taşiýew 10-njy fewralda, anyk sebäbi aýdylman, wezipesinden boşadylypdy.

Şu aralykda, Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň Bişkek boýunça Baş müdirliginiň öňki başlygy Eldar Žakypbekow tussag edildi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy ýurduň Baş prokuraturasyna salgylanyp, onuň Harby prokuratura tarapyndan tussag edilendigini, häzir derňew işleriniň alnyp barylýandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG