Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Türkmenistanyň ynsanperwer goldawy üçin hoşallygyny bildirdi

 Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow (arhiw suraty)

6-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Resmi maglumata görä, gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda, Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 2-nji fewralda ýylylyk elektrosentralynda bolan partlama baradaky habara duýgudaşlyk bildiripdir.

Žaparow, şol sanda Türkmenistanyň Gyrgyzystana ynsanperwer goldaw hökmünde muzdsuz iberen 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy üçin “tüýs ýürekden” hoşallygyny bildiripdir.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar.

XS
SM
MD
LG