25-nji martda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi ýurduň raýatlaryny Russiýa syýahat etmekden saklanmaga çagyrdy. Geçen hepde Moskwadaky “Crocus City Hall” konsert zalyna edilen adam pidaly hüjümden soň, Russiýada merkezi aziýaly migrantlara we syýahatçylara uly basyşlar edilýär.
Russiýanyň häkimiýetleri 22-nji martdaky 139 adamyň ölümine sebäp bolan hüjüm bilen ilteşikli 11 şübheliniň, şol sanda ýaraglardan ot açmakda güman edilýän dört adamyň saklanandygyny mälim etdiler.
Bu dört adamyň ählisi Täjigistanyň raýaty bolup, olar 22-nji maýa çenli deslapky tussaghana iberildi.
25-nji martda Russiýada ýaşaýan başga-da üç täjik raýaty azyndan iki aý möhlet bilen tussag astyna alyndy.
Oppozisiýadaky “Täjigistanyň Yslam Galkynyş” partiýasynyň öz-özünden bosgunlyga çykan lideri Muhiddin Kabiri, terror hüjümini guramalaşdyrmakda we amala aşyrmakda täjik raýatlarynyň dahylly bolandygyny sorag astyna aldy.
“Bu hüjümiň arkasynda, gürrüňsiz, aňtaw gulluklary we tejribeli adamlar durdy. Eger-de täjik adamlary dogurdanam muňa ilteşikli bolsa, olar uly ähtimallyk bilen, diňe bir serişde hökmünde ulanyldy. Olar bu prowokasiýadaky ikinji ýa üçünji derejeli adamlardy” diýip, Kabiri 25-nji martda Azatlyga aýtdy.