Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Russiýada tussaglykda saklanýan 580 raýatyny Watanyna dolamaga çalyşýar

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Şu ýyl Orsýetiň türmelerinde jeza çekýän 580 raýaty, jezalaryny dowam etdirmekleri üçin, öz watanyna getirmek tagallasyny edýärin diýip, baş prokuror Maksat Asanaliýew 7-nji aprelde parlament komitetiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda daşary ýurtlarda Gyrgyzystanyň 1423 raýaty jeza çekýär. Olaryň 1126-sy Orsýetiň türmelerinde jeza çekýär diýip, Asanaliýew aýtdy.

Bu tussaglaryň köpüsi neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlarda günäli tapylypdyr.

Gyrgyz raýatlarynyň 753 sanysy jezasyny Gyrgyzystanda çekmek islegini bildirdi.

Bu raýatlaryň 13-sine jezasyny öz ýurdunda çekmek rugsady berilmedi, 160-synyň watanyna dolanmagyna kanun päsgel berdi, 65 tussag bolsa jezasyny öz ýurdunda çekmekden ýüz öwürdi.

Respublikanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Orsýetden Gyrgyzystana iş kesilen 117 raýat geçirildi we geçen ýyl iş kesileninden soň Russiýadan getirilen gyrgyzystanlylaryň sany 232 boldy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Orsýetde 330 müňden gowrak gyrgyz migranty bar. Russiýanyň türmelerindäki gyrgyz raýatlarynyň meselesi Gyrgyz parlamentinde birnäçe gezek gozgaldy.

XS
SM
MD
LG