Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda “bikanun işlän” 28 pakistanly saklandy


Resmi beýanata görä, daşary ýurtlylaryň ýurtda galmak üçin wiza möhleti gutarypdyr.
Resmi beýanata görä, daşary ýurtlylaryň ýurtda galmak üçin wiza möhleti gutarypdyr.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde tikinçilik salonlarynyň birinde “bikanun ýagdaýda işländigi” aýdylyp 28 sany pakistanly saklandy. Bu barada 16-njy maýda Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Komiteti mälim etdi.

Resmi beýanata görä, daşary ýurtlylaryň ýurtda galmak üçin wiza möhleti gutarypdyr.

Saklanan adamlaryň Içeri işler ministrligiň ekstremizme garşy we migrasiýa merkeziniň tussaghanasyna iberiljekdigi bellenilýär.

15-nji maýda Bişkegiň polisiýasy, köçe-ýol howpsuzlygy boýunça aladalara salgylanyp, motosikllerde we skuterlerde kurýerçilik bilen meşgullanýan 400 töweregi daşary ýurtly studentiň getirip-bermek hyzmatlaryny togtatdy.

XS
SM
MD
LG