Gyrgyzystanda öz-özünden bosgunlyga çykan žurnalist Tilekmat Kudaýbergen-Uuly we telekeçi Imamidin Taşow bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýurt boýunça onlarça adam soraga çekildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti 11-nji ýanwarda mälim etdi.
Mundan bir gün öň, komitet gürrüňi gidýän bu iki şahsy, häkimiýeti bikanun basyp almak synanyşygyny planlaşdyrmakda aýyplap, olary gözlenýänleriň sanawyna goşupdy.
Geçen dekabrda Taşow özüni Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri diýip tanyşdyran birnäçe adamyň özünden zor bilen pul almakçy bolandygy barada şikaýat edenden soň, oňa garşy derňew işi gozgaldy.
Taşow häzir takyklaşdyrylmaýan üçünji bir döwletde ýaşaýar, Kudaýbergen-Uuly bolsa ABŞ-da bolýar.