Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ençeme garaşsyz žurnalistiň öýi döküldi, birnäçesi saklandy


Bolot Temirow (arhiw suraty)
Bolot Temirow (arhiw suraty)

16-njy ýanwarda irden Gyrgyzystanda polisiýa tarapyndan ençeme garaşsyz žurnalistiň öýi dökülenden soň, olar saklandylar. Bu barada derňewçi žurnalist Bolot Temirow habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, polisiýa Temirow Live we Ait Ait Dese proýektiniň häzirki we ozalky sekiz žurnalistiniň öýünde gözleg geçiripdir.

Kanun goraýjylar Temirowyň aýaly, Mahabat Tažibek Kyzy, we žurnalistler Azamat Işenbekowyň, Sapar Akunbekowyň, Aktilek Kaparowyň we Saipidin Sultanaliýewiň öýlerini dökdüler.

Temirowyň sözlerine görä, Akumbekow “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere” çagyrmakda aýyplanýar. Ol žurnalistler Tynystan Asypbekgiň, Aýke Beýşekeýewanyň we Zoodar Buzumowyň dagy saklanandygyny aýdýar.

Başga goşmaça maglumat bada-bat elýeterli bolmady.

XS
SM
MD
LG