Gyrgyzystanda Günorta Aziýadan gelen studentlere garşy gönükdirilen ozal görlüp-eşidilmedik ýowuzlykdan soň, Bişkekde ýerleşýän Gyrgyzystanyň Halkara Uniwersitetinden 1 müň 200 töweregi pakistanly student bu Merkezi Aziýa ýurduny terk etdi.
Gyrgyzystanyň bilim ministriniň orunbasary Rasul Abazbek-uulu geçen dynç günleri Pakistandan we Hindistandan gelen studentlere garşy edilen köpçülikleýin hüjümleri “utanç” bir ýagdaý diýip atlandyrdy, şeýle-de munuň “Gyrgyzystanyň abraýyna ýaramaz täsir edýändigini” belledi.
18-nji maýdaky ýowuzlyklaryň sosial mediada “aziýa keşbli adamlaryň” bir toparynyň 13-nji maýda giçlik daşary ýurtly studentlere azar berişini görkezýän wideonyň peýda bolmagyndan soň dörändigi çaklanylýar. Wideoda umumy ýaşaýyş jaýynda azyndan bir daşary ýurtly studente ençeme adam tarapyndan hüjüm edilişini, soňy bilen-de onuň ýerde süýrelişini görmek bolýar.
Pakistandan bolan bir gyz studentiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol Gyrgyzystany “howpsuzlyk wehimleri sebäpli gyssagly terk etmek” kararyna gelipdir. Ol “ýagdaýlaryň wagtyň geçmegi bilen kadalaşjakdygyna”, şeýle-de dolanyp okuwyny tamamlap biljekdigine umyt edýändigini hem sözüne goşdy.