Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habar: Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Putin bilen duşuşmak üçin Russiýa geldi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen garaşylýan duşuşygynyň öňüsyrasynda, Russiýa geldi.

Russiýanyň RIA Nowosti habar gullugy 12-nji sentýabrda Kimiň münüp gelýän otlusynyň Ýuwaş ummanyň Primorýe sebitine aralaşandygyny aýdyp, wideoýazgy görkezdi.

Kremliň maglumatyna görä, Kimiň Putin bilen ýakyn günlerde, Primorýe sebitiniň port şäheri Wladiwostokda duşuşmagyna garaşylýar.

ABŞ resmileri Putiniň, ukrain goragçylarynyň haýallyk bilen ilerleýän garşylykly hüjümlerine garşy durmak üçin, Phenýandan has köp ýarag we artilleriýa kömegini soramagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG